<?xml version="1.0" encoding="UTF-8"?><song><hymn_number>59</hymn_number>
<lyrics>[V1]
 Günbe-günden artýar
 gaýgy-alada,
 Çykmaga ýol ýok,
 ýagty jahana,
 Garaňkylyk basýar,
 nur ýok dünýäde,
 Hudaýymy tanaman
 arzuw-hyýalda.

[V2]
 Birdenkä dyngysyz
 gapym kakylýar,
 Gapyňy aç, gapyňy aç
 diýip gygyrýar.
 Kim geldikä diýip
 açdym gapyny,
 Sypalady kellämden
 egip başymy.

[V3]
 Mähribanym kimkä
 diýip seretsem,
 Ak eşikli, altyn guşak
 dur öňümde,
 Kabul etseň girmek
 isleýän diýdi,
 Seniň aladaňy
 paýlaşýan diýdi.

[V4]
 Begenjimden rahatlyk
 geldi kalbyma,
 Düýşümmikä,
 huşummykä diýdim
 men Oňa,
 Gorkumdan ýykyldym
 aýak astyna,
 Sen meniň saýlanym
 diýdi Ol maňa.

[V5]
 Hudaýym, Hudaýym -
 diýip agladyň,
 Ejir çekdiň, ençe
 ýyllar Mensiz sen,
 Ine geldim Men bu gün
 seniň ýanyňa,
 Mugt bereýin Söýgimi
 şirin janyňa.

[V6]
 Ýagtyldy öýümde,
 öçmez çyralar,
 Aýryldy öňümde
 dagdyr-derýälar,
 Ýürekde joşýar
 arzuw hyýallar,
 Taňrym Isa
 Seni tanan günümden.

[V7]
 Gaýgy-aladam diýip
 dünýä geldiň Sen,
 Günälerim üçin haçda
 öldiň Sen,
 Meni bar günämden
 azat etdiň Sen,
 Taňrym Isa Seni
 tanan günümden.

[V8]
 Irden turup
 Huzuryňa gelýärin,
 Barlygyňa Saňa
 şükür edýärin,
 Kime tagzym
 edýänimi bilýärin,
 Taňrym Isa
 Seni tanan günümden.</lyrics>
<title>Günbe-günden.. N59</title>
</song>